Öte inçe iş: britaniýaly suratkeş iňňäniň gözüniň ululygyndaky heýkelleri döretdi

  • 19.03.2026 20:57
  • 8.7k+

Beýik Britaniýada suratkeş Willard Wigan diňe mikroskop astynda görüp bolýan mikro-heýkelleriň sergisini hödürledi diýip, BBC habar berýär.

Suratkeş 20 sany kindiwanja eser döredip, olaryň ýüzüne suraty öz kirpigi bilen çekdi. Sergidäki iň kiçi heýkel — Şekspiriň şekili — ol şeýle bir kindiwanja welin, saçyň içine sygýar. Hatda onuň ýüzüne surat çekmek üçin kirpik hem gaty uly geldi, şonuň üçin suratkeş tozan bölejigini ulandy.

Beýleki işleriň arasynda "Ýiti gaşlar" (“Острые козырьки”) teleserialyndaky Tommi Şelbiniň at üstünde şekillendirilen heýkeljigi hem bar. "Men “Ýiti gaşlaryň” iň geýniş stilini we onuň syrlylygyny gowy görýärin" diýip, suratkeş gürrüň berdi.

Sergi Heýlsowendäki Cornbow merkezinde açyldy. Taslama haýyr-sahawat serişdesini toplamak üçin guralyp, ondan alnan girdeji itler üçin ýatak gurmaga gönükdiriler.

"Men öz nerw ulgamymy türgenleşdirdim. Men ýüregiň her urgusynyň arasynda işläp bilýärin. Urgularyň arasynda hereket etmek üçin 1,5 sekunt wagtym bar. Men ýürek urgymy haýalladyp bilýärin. Ýürek urgym dyngy beren badyna heýkeli taraşlaýaryn" diýip, Wigan belledi.

Suratkeş çagalyk döwründe okuwynda kynçylyk çekeni sebäpli kiçi heýkelleri ýasamaga başlandygyny aýtdy.

"Bedeniňiz täze bir zat döretmek bilen munuň öwezini dolmaga synanyşýar we meniň başymdan hem hut şu ýagdaý geçdi. Men aldym-da, döretmäge başladym. Men ellerim bilen gowy işleýärdim. Adamyň ýüzüne bir sekunt seredip, soňra gidýärdim-de, onuň ýüzüni diş gorjalýan çöpe oýup çekip bilýärdim" — diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Wigan häzir 68 ýaşynda. Oňa 50 ýaşyndaka autizm kesel kesgidi goýuldy we 2007-nji ýylda bolsa sungata goşan hyzmatlary üçin Britan imperiýasynyň ordenine mynasyp boldy.


şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 16:49
3.2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 07:47
1.4k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....