L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary tegelek stol geçirdi

  • 19.03.2026 17:31
  • 2.9k+

18-nji martda Astanadaky L.N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň watany» atly tegelek stol geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary, mugallymlar we talyplar gatnaşdy. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, şeýle hem ýaşlar syýasaty ulgamynda görülýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky köpýyllyk diplomatik gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady we durmuş-medeni ugurlarda strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigi bellenildi.

Türkmen talyplary öz ýurdunayň abraýyny artdyrmaga, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmäge we akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleriniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglanyşyklydygy nygtaldy.

Daşary ýurtly talyplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlary ýakynlaşdyrýan möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini aýratyn belledi.

Tegelek stoluň gatnaşyjylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ynanyşmak we hoşniýetli goşunçylyk häsiýetde ösýändigini tassyklady.


düýn 18:59
2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

düýn 16:18
706

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

12.06.2026 16:37
5.2k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......