"Maňa edil şu wagt ölmek bolanok": "Alaň" filminiň jemleýji böleginiň tizeri çykaryldy

  • 18.03.2026 19:32
  • 4.8k+

Warner Bros. studiýasy Deni Wilnýowyň režissýorlyk eden “Alaň: üçünji bölüm” filminiň tizer treýlerini çykardy. 2 minut 29 sekuntlyk treýleriň ilkinji görkezilişi Los-Anjelesdäki AMC kinoteatrynda geçirildi.

Treýleriň görkezilişine Deni Wilnýow, Zendeýa, Hawýer Bardem we taslama goşulan täze aktýorlar Anýa Teýlor-Joý bilen Robert Pattinson dagy gatnaşdy. Timoti Şalame çärä gatnaşmady, ýöne "Wilnýowy geniý hasaplaýandygyny" ýetirmegi sargady.

Täze film Frenk Gerbertiň "Alaň halasgäri" romanyna esaslanyp, “Alaň” romanyndaky hekaýaty dowam etdirýär. Wakalar ikinji filmdäkilerden takmynan 15 ýyl soň ýaýbaňlanýar. Pol Atreýdes (Şalame) bu geçen wagtyň dowamynda hökümdar bolan. Ol syýasy sebäplere görä Çaniden (Zendaya) aýrylyp, şa gyzy Irulan (Florens Pýu) bilen durmuş gurýar. Indi onuň töwereginde dildüwşük başlanýar.

Režissýor öň üçünji filmde wakalaryň jemlenjekdigini aýdypdy. Şeýle hem ol aslynda ara köpräk wagt salyp, Şalameniň ulalmagyna garaşmagy göz öňünde tutandygyny, ýöne bu pikirinden dänip, filmi düşürip gutarmak kararyna gelendigini gürrüň berdi.

Filmiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 18-nji dekabryna meýilleşdirilýär.


düýn 23:54
746

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....