Senegal Afrikanyň kubogyny elinden aldyrdy, çempion tituly Marokko berildi

  • 18.03.2026 12:45
  • 7.4k+

Senegalyň milli ýygyndysy 2025-nji ýylyň Afrika milletleriniň kubogynyň ýeňijisi diýen tituldan mahrum edildi. Afrikanyň futbol konfederasiýasy (CAF) Marokko futbol federasiýasynyň şikaýatyny kanagatlandyrdy we final duşuşygynyň netijesini üýtgetdi — indi senegallylara tehniki ýeňliş ýazyldy, ýeňiş bolsa resmi taýdan Marokkonyň ýygyndysyna berildi.

Final duşuşygy 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda geçirildi. Duşuşygyň esasy wagty golsuz tamamlandy we aýgytlaýjy wakalar goşmaça minutlarda bolup geçdi. 90+2-nji minutda emin ýaryşyň eýeleri bolan marokkolylaryň derwezesine geçirilen goly ýatyrdy, 6 minutdan soň bolsa Senegalyň derwezesine penalti belledi — bu ýagdaý uly närazylyga sebäp boldy. Senegalyň ýygyndysynyň baş tälimçisi närazylyk hökmünde oýunçylary meýdançadan alyp gitdi. Birnäçe minutdan soň, toparyň kapitany Sadio Mane ýoldaşlaryny yzyna dolanmaga we oýny dowam etdirmäge yrdy. Bu pursat şol wagt eýýäm ýaryşyň iň köp gürrüňi edilen wakalarynyň birine öwrülipdi.

Ondan soň garaşylmadyk pursat boldy: marokkoly ýarym goragçy Braim Dias derwezäniň ortasyna «panenka» usulynda urgy edip, penaltini amala aşyryp bilmedi, Senegalyň derwezebany bolsa duran ýerinde topy arkaýyn saklady. Hasap açylman galdy. Ekstra-taýmda Senegal öz diýenini gazandy: Pap Guýe ýeke-täk we ýeňiş getiren goly saldy. Tutuş ýurt ýeňşi dabaraly belledi.

Emma final jürlewüginden soň, bu waka meýdançanyň daşynda dowam etdi. Marokkonyň Patyşalyk futbol federasiýasy düzgüniň bozulandygy — oýun wagtynda toparyň meýdançany terk edendigi barada şikaýat etdi. CAF-yň Tertip-nyzam komiteti bu delili esasly diýip hasaplady. Netijede, finalyň netijesi ýatyryldy: Senegala 0:3 hasabynda tehniki ýeňliş ýazyldy, çempionlyk tituly bolsa Marokko berildi.

Mundan ozal, ýanwar aýynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino senegallylaryň bu hereketini berk ýazgarypdy.

«Meýdançany bu görnüşde terk etmek kabul ederlikli däl. Biz elmydama eminiň meýdançada we onuň daşynda kabul eden çözgütlerine hormat goýmalydyrys. Şaýat bolan bu ýakymsyz pursatlarymyz ýazgarylmalydyr we olar hiç wagt gaýtalanmaly däldir. Men şeýle hereketleriň futbolda ornunyň ýokdugyny ýene bir gezek nygtaýaryn we CAF-yň degişli tertip-nyzam edaralarynyň degişli çäreleri görjekdigine umyt edýärin» — diýip, Infantino belledi.


şu gün 11:10
3.1k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 23:57
2.8k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
10k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......