Täze BMW i3-iň üçden bir bölegi gaýtadan işlenen çig maldan taýýarlandy. Ol bir zarýadda 900 km ýol geçýär

  • 19.03.2026 14:00
  • 2.7k+

BMW kompaniýasy «Neue Klasse» platformasynda döredilen täze i3 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Modeliň önümçiligi Mýunhendäki zawodda ýola goýlar, ilkinji seriýaly awtoulaglar awgust aýynda konweýerden çykar, satuwlar bolsa güýzde başlanar.

Daşky görnüşi boýunça i3 modeli iX3 krossoweriniň äheňinde ýerine ýetirildi, ýöne özüne mahsus aýratynlyklary aldy. Öň tarapy diodly yşyklandyryjyly uzyn radiator gözenekleri we gabaraly kapody bilen tapawutlanýar. Kuzowyň siluetini öndüriji, üçekden bagaža çenli ýumşak geçişi sebäpli «2,5 göwrümli» diýip atlandyrýar.

Awtoulagyň ölçegleri 4760×1865×1480 mm, teker bazasy bolsa 2897 mm deňdir. Bu görkeziji boýunça model iX3 bilen deňeşdirerlik derejededir, ýöne ondan biraz gysga we pesdir. BMW-niň 3-nji seriýasy bilen deňeşdirilende, täze i3 takmynan 50 mm töweregi iridir.

Hödürlenen i3 50 xDrive wersiýasy 469 at güýjüne we 645 Nm öwrüji pursadyna (iX3-den 10 Nm köp) eýe bolan iki sany elektromotor aldy. Elektrokaryň dinamiki häsiýetnamalary we batareýasynyň göwrümi häzirlikçe mälim edilmedi, ýöne i3-iň ýöreýiş ätiýaçlygynyň 900 kilometre çenli ýetýändigi mälimdir. 400 kilowatlyk beketde 400 kilometrlik ýol üçin batareýany zarýadlamak bolsa bary-ýogy 10 minut wagt alar. Şeýle-de, batareýadan daşky enjamlary energiýa bilen üpjün etmek mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.

Ulagyň takmynan 30%-i gaýtadan işlenen materiallardan ybaratdyr. Käbir elementlerde bu paý has hem ýokarydyr: M wersiýasynyň disklerinde 80%-e çenli alýumin, yzdaky elektromotoryň korpusynda bolsa 66% gaýtadan işlenen materiallar ulanyldy. Salonda gaýtadan işlenen matalar we plastik peýdalanyldy.

Önümçilik işleri doly dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kömegi bilen amala aşyrylar.


düýn 09:56
5.4k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.7k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....