Tebigatda geçirilen birnäçe minut hem beýniniň ýagdaýyny üýtgedýär

  • 18.03.2026 14:39
  • 3.3k+

Tebigatda gysga wagtlyk gezelenç etmek hem beýniniň işini düýpli üýtgedip bilýär. Halkara alymlar topary ýüzden gowrak ylmy barlagy seljerip, şeýle netijä geldiler. Barlagyň netijeleri Neuroscience & Biobehavioral Reviews žurnalynda çap edildi.

Alymlar dürli ylmy ugurlardan alnan maglumatlary öwrenip, tebigat bilen galtaşykda bolan pursady beýnide döreýän üýtgeşmeleriň yzygiderliligini anykladylar we ýüze çykan hadysa «kaskad kanunalaýyklygy» diýip at berdiler.

Olaryň aýtmagyna görä, beýni üçin tebigy gurşawa mahsus bolan görnüşleri kabul etmek has ýeňildir. Tebigatyň şekilleri şäher gurşawynyň gysby we çalt üýtgeýän şekiline ýa-da internetdäki maglumatlara garanyňda, beýniden has az güýç talap edýär.

Duýgy agzalaryna düşýän agram azalanda, strese jogap berýän ulgamlar hem durnuklaşýar. Organizmdäki dartgynlylyk peselip, ýürek urşy kadalaşýar, dem alyş çuňlaşýar we beýniniň howp bilen baglanyşykly bölekleriniň işjeňligi peselýär.

Şu nukdaýnazardan, adamyň ünsi dartgynly meseleleri çözmekden dynç alyş we dikeliş ýagdaýyna geçýär. Şeýle hem beýniniň öz-özüňe aşa tankydy baha bermek we dowamly biynjalyklyk bilen bagly nokatlarynyň işjeňligi kemelýär.

Tebigatyň peýdaly täsiri onuň ähli görnüşlerinde — seýilgählerde, suwuň ýakalarynda, tokaýda ýa-da ýiti sesli şaglawuklaryň ýanynda gezelenç edilende hem ýüze çykýar.

Alymlar beýnidäki ilkinji üýtgeşmeleriň eýýäm gezelenjiň üç minudyndan soň duýlup başlaýandygyny, wagt uzaldygyça bolsa bu täsiriň has-da güýçlenýändigini belleýärler.


17.06.2026 11:37
4.6k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
1.9k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.5k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......