Alymlar 500 ýyllyk ýadygärlikde adaty göze ilmeýän geň şekilleri tapdylar

  • 18.03.2026 15:28
  • 4.2k+

«Barlagçylar Gwadulupaly Tilmada, ýagny Merýem enäniň şekili çekilen kaktus süýüminden taýýarlanylan ýapynjada adatdan daşary bir aýratynlygy ýüze çykardylar. Surat sanly ulgam arkaly ulaldylanda, onuň içinde 13 sany örän kiçijik adamyň ýüz şekiliniň bardygy belli boldy» diýip, Daily Mail neşiri ýazýar.

Bu sypatlar XVI asyryň adamlaryny ýatladýar we olary diňe şekil güýçli ulaldylanda görüp bolýar. Seljermeler suratyň mata ýüzüne hiç hili çyzgysyz we çotga yzyny galdyrmazdan, bir gezekde geçirilendigini görkezdi.

Tilma agawa süýüminden dokalypdyr. Bäş asyr töweregi ýaşynyň bardygyna garamazdan, mata gaty gowy saklanypdyr. Ol mör-möjeklere we tozana durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Mukaddes ýadygärlige asyrlaryň dowamynda millionlarça zyýaratçynyň elleriniň degendigine garamazdan, onuň reňkleri solman, şol durkuny saklaýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, XVIII asyrda bu şekiliň esasynda döredilen nusgalar gysga wagtyň içinde zaýalanyp gidipdir.

Merýem enäniň şekili 1751-nji ýyldan bäri öwrenilip gelinse-de, häzirki wagta çenli hiç bir ylmy barlag onuň gelip çykyşyna anyk düşündiriş berip bilmedi. Şekili çekmekde ulanylan reňkler öň bize belli bolan boýaglara meňzemeýär, suratyň mata nähili geçirilendigi bolsa henizlerem syrlylygyna dur.

Käbir synçylar bu şekili gudrat hasaplasalar, başgalar tapylan kiçijik sypatlary şekili sanly usulda işlemekde ýüze çykýan aýratynlyklar ýa-da ýalňyş düşündirişler diýip güman edýärler. Şeýle-de bolsa, bu mukaddes ýadygärlik dindarlaryň hem, alymlaryň hem ünsüni çekmegini dowam etdirýär.


düýn 11:33
2.4k+

Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy

Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar....

14.05.2026 00:03
7.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

13.05.2026 23:26
4.7k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

13.05.2026 23:14
5.4k+

Rimlileriň gämileri nädip suw geçirmän uzak aralyga ýüzüp bilipdir?

Horwatiýanyň kenarlarynda 2200 ýyl mundan ozal gark bolan «Ilowik-Paržine 1» rim gämisiniň öwrenilmegi alymlara diňe bir suwdan goragyň nädip üpjün edilendigini däl, eýsem ondan has çuňňur maglumatlary almaga......