3.6k+

Türkmenistan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň sanawyna teklip etmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamany ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etdi. Bu teklibe 8-13-nji dekabr aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde serediler...

2.9k+

Oguljahan Atabaýewa Awazada birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi...

4.2k+

Awazada Türkmenistanyň we BMG-niň guramagynda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi...

2.4k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler

Aşgabatda 11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi  geçiriler diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Sergi ykdysadyýetiň milli pudaklarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, telekeçiligi ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir...

16k+

Oguljahan Atabaýewa Awazada Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze açylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň binasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy...

6.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gulluklary maliýeleşdirmek hakynda karara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda Karara gol çekdi. Bu resminama Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi...

14k+

Merkezi Aziýada üstaşyr ýük daşamalarynda gümrük amallaryny iň tiz Türkmenistanyň gümrük nokatlary ýerine ýetirýär

Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda üstaşyr ýükleriň daşamalarynda Türkmenistanyň gümrük nokatlary gümrük amallary üçin iň gysga wagty sarp edýär. Şeýle netije Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça geçirilen barlaglarynyň netijeleri boýunça alyndy...

24k+

Türkmenistanda dekabryň aýlyk zähmet haklary 20-sine çenli töleniler

Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi,  bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy...

5.4k+

Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabarada Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde geçirildi...

1.2k+

Raşid Meredow Somaliniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi...

21k+

Wladimir Putin 12-nji dekabrda Türkmenistana geler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde mälim etdi diýip, TASS habar berýär...