Türkmenistanyň daşary işler ministri London gazna biržasyndaky duşuşyga gatnaşdy

  • 27.02.2026 16:45
  • 3k+

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Beýik Britaniýa amala aşyrylan iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Londonda möhüm duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyk London gazna biržasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Juliýa Enn Hoggettiň we Beýik Britaniýanyň Maliýe ministrliginiň (UK Treasury) ykdysady sekretary Lýusi Rigbiiniň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar infrastruktura hem-de energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine Britaniýanyň uzak möhletleýin maýasyny çekmek meselelerine üns berdi. Türkmen wekiliýeti Londonyň dünýä maýa goýum akymlaryny emele getirýän ählumumy maliýe merkezi hökmündäki strategik ornuny nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistanda senagat, gurluşyk we söwda pudaklarynda Britaniýanyň gatnaşmagynda 30-a golaý kärhananyň üstünlikli işleýändigi bellenilip geçildi.

Hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn depginde ösmegine ýardam edýän Türkmen-britan Söwda we senagat geňeşine aýratyn ähmiýet berildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy durnukly maliýeleşdiriş, audit, ätiýaçlandyryş, döwrebap bank işi we sanly çözgütleri ornaşdyrmak ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.8k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......