Melaniýa Tramp BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder

  • 28.02.2026 14:10
  • 8.6k+

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp 2-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder. Bu barada ABŞ-nyň BMG-däki wekilhanasy X sosial ulgamynda habar berdi.
«Birinji hanym parahatçylygy ilerletmekde bilimiň ornuny nygtamak üçin ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşindäki başlyklygy öz üstüne alyp, BMG-niň taryhyna girer» diýlip, habarda bellenilýär.
Bu ABŞ-nyň häzirki Prezidentiniň aýalynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisine ilkinji gezek başlyklyk etmegi bolar. Duşuşyk bilim, tehnologiýa, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine bagyşlanar.
Associated Press agentliginiň habar bermegine görä, mart aýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşindäki başlyklyk ABŞ-a geçer.
«The Guardian» neşiri, adatça, Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisleriniň ilçiniň ýa-da hökümetiň ýokary wezipeli agzasynyň ýolbaşçylyk etmegi bilen geçirilýändigini belleýär. Melaniýa Tramp döwlet wezipesini eýelemeýär. Ýöne Howpsuzlyk Geňeşinde nobatlaýyn başlyklyk edýän ýurt mejlisi kimiň alyp barjakdygyny özbaşdak kesgitleýär.
BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dýužarrik mundan ozal döwlet Baştutanlarynyň maşgalalarynyň Geňeşiň agzasy bolmadyk wekilleriň adyndan mejlislere gatnaşandyklaryny belläp geçdi.


08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......