Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen salgyt ulgamy bilen bagly mejlise gatnaşdy

  • 06.03.2026 15:41
  • 1.2k+

2026-njy ýylyň 2-3-nji marty aralygynda Tokio şäherinde Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de BMG tarapyndan döredilen «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlis geçirildi. Bu halkara çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B. Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Mejlisiň dowamynda döwletleriň salgyt syýasatyny kämilleşdirmek, salgyt ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ykdysady ösüşi goldamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly salgyt dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmak we durnukly ykdysady ösüşi goldamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşyjylar ösüş ýolundaky ýurtlarda maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak we aç-açan ykdysady gurşawy döretmek boýunça özara tejribe alyşdy.

Mejlisiň netijesinde salgyt ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny we maglumat alyş-çalşygyny güýçlendirmek baradaky möhüm teklipler öňe sürüldi.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.8k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......