Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy

  • 05.03.2026 15:54
  • 5.8k+

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky ysnyşykly dialogyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmeginde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, özara hormat goýmak we ynsaperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bar bolan giň mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem duşuşykda halkara guramalarynyň çäklerinde özara goldaw bermek tejribesiniň umumy bähbitlere laýyk gelýändigi barada durlup geçildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......