Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

  • 05.03.2026 20:23
  • 1.9k+

2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň we Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Sulaýmon Ziýozodanyň bilelikdäki başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, bilim we ylym, saglygy goraýyş, raýat awiasiýasy, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Şeýle-de, 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirilen türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine hem seredilip geçildi.
Mejlisde 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 43,1 million ABŞ dollaryna deň bolup, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 17,1% artandygy bellenildi we bu görkezijiniň ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändiginiň subutnamasydygy nygtaldy.
Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmek barada gürrüň etdi. Türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....