Londonda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda işewürlik kabul edişligi boldy

  • 28.02.2026 15:53
  • 3.9k+

26-njy fewralda Lankaster-haus binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Britaniýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen işewürlik kabul edişligine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Dewid Lemmi gutlag sözi bilen çykyş edip, Merkezi Aziýa bilen ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň we durnukly bilelikdäki taslamalary ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Soňra sebit ýurtlarynyň daşary işler ministrleri gysgaça beýanatlar bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda häzirki döwrüň dünýä söwdasynyň we energetikanyň özgermegi, täze ulag geçelgeleriniň we ykdysady merkezleriň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýändigini, munda bolsa Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Energetika ulgamyna aýratyn üns berildi: Türkmenistan tebigy gazyň dünýädäki iň iri gorlarynyň birine eýedir we ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki abraýyny saklaýar. Türkmen tarapy üpjünçiligiň täze ugurlary, uzak möhletleýin şertnamalar we bilelikdäki taslamalar, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça gepleşiklere taýýardygyny bildirdi.

Şeýle hem Orta geçelgäni ösdürmek we ulag infrastrukturasyny, şol sanda Türkmenbaşy halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy, bu bolsa britan işewürleri üçin täze mümkinçilikleri açýar. Hukuk kepillikleri, halkara arbitraž gurallary we ýörite ykdysady düzgünler arkaly amatly maýa goýum gurşawynyň döredilýändigi bellenildi.

Çäräniň ahyrynda özara hormat goýmak we taraplaryň bähbitlerine esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.8k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......