Serdar Berdimuhamedow Bolgariýanyň Prezidentini Milli baýramy bilen gutlady

  • 03.03.2026 09:30
  • 2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Iliana Ýotowa we ýurduň halkyna milli baýram — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutany Prezident Iliana Ýotowa berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Bolgariýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Bolgariýanyň Milli baýramy bolan Azat ediş güni her ýylyň 3-nji martynda dabaraly bellenilýär. Bu sene 1878-nji ýylda San-Stefano parahatçylyk şertnamasyna gol çekilmegi we Bolgariýanyň Osman imperiýasynyň bäş asyrlyk agalygyndan soňra öz garaşsyzlygyny gaýtadan dikeltmegi bilen baglydyr.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......