Türkmenistanyň we Pakistanyň zenan parlamentarileriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

  • 06.03.2026 16:04
  • 2.4k+

2026-njy ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň zenan parlamentarileri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen parlamentiniň düzümi, kanunçykaryjylyk işi we halkara parlamentara guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada pikir alşyp, parlament diplomatiýasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky möhüm ornuny nygtady.

Pakistanyň wekilleri Türkmenistanyň Mejlisinde zenan wekilleriň görkezijisiniň ýokarydygyny, döwlet dolandyryşynda ýaş zenanlaryň ornuny aýratyn belläp, munuň ýurtda gender deňligini üpjün etmekde gazanylan uly üstünlikdigini kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle-de, duşuşykda adam hukuklary, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça amala aşyrylýan milli meýilnamalar hem-de bu ugurda BMG bilen alnyp barylýan işjeň gatnaşyklar barada durlup geçildi.

Taraplar parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky duşuşyklary yzygiderli geçirmek barada ylalaşdy.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......