Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

  • 28.02.2026 10:13
  • 9.7k+

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler. Bu Türkiýäniň daşary ýurt maýasy bilen durmuşa geçirjek iň iri demir ýol taslamasy bolar.

Demir ýol ugry ýurduň Aziýa tarapyndaky Gebze senagat zolagyndan başlap, Ýawuz Sultan Selim köprüsiniň üstünden geçýär we Ýewropa bölegindäki Halkaly nokadyna çenli uzalýar. Şunlukda Stambulyň iň iri iki howa menzili — Sabiha Gökçen we «Stambul» halkara howa menzili taryhda ilkinji gezek biri-biri bilen göni demir ýol arkaly birleşdiriler. 6,75 milliard dollarlyk daşary ýurt maýasy bilen bu taslama Türkiýäniň taryhynda iň iri halkara derejedäki maliýeleşdirilýän demir ýol taslamasy bolup durýar. Bu taslama häzirki wagtda agram salynýan «Marmaraý» liniýasynyň ýüküni ep-esli ýeňleder diýlip garaşylýar.

Liniýanyň umumy uzynlygy 125 kilometr bolar. Gurluşyk işleriniň çäklerinde 44 sany tunel (umumy uzynlygy 59,1 km); 42 sany köpri (umumy uzynlygy 22,4 km) ýaly örän çylşyrymly inženerçilik desgalary göz öňünde tutulýar.

Ministrlik tender işlerini şu ýylyň dowamynda tamamlamagy we gurluşyga başlamagy meýilleşdirýär. Demir ýol doly güýjünde işläp başlanda, ýylda 33 million ýolagçy gatnatmaga we 30 million tonna ýük daşamaga mümkinçilik berer.


05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.4k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
5.9k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....