Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Adam hukuklary boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 06.03.2026 08:45
  • 1.8k+

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistanyň özara hormat goýmaga we ösüşiň milli aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagyna esaslanýan adam hukuklary boýunça konstruktiw dialogy ösdürmäge taýýardygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda BMG bilen 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda gender deňligi we kanunçylygyň hökmürowanlygy ýaly ugurlara aýratyn üns berildi.
Taraplar pudagara toparynyň hukuk goraýyş syýasatyny utgaşdyrmakdaky ornuny belläp, BMG-niň Türkmenistandaky toparynyň düzüminde halkara bilermeniň Adam hukuklary boýunça geňeşçi wezipesine bellenilmeginiň bilelikdäki başlangyçlar üçin möhüm ädimdigini tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......