11k+

Ahal welaýatynda täze Döwletli mekan obasy açylýar

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasy açylýar. Prezidenti Serdar Berdimuhamedow açylyş dabarasyna gatnaşyjylara gutlag iberdi. Täze oba Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli açylýar...

12k+

Türkmenistanyň ugradan ynsanperwerlik kömegi Kabula bardy

5-nji sentýabrda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.  “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi...

3.6k+

Türkmenistan Stambuldaky «Halal Expo 2025» halkara sergisine milli pawilýony bilen gatnaşar

Türkmenistan şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä gatnaşar. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi...

5.2k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna başlanar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi...

1.2k+

OpenAI Hindistanda ägirt maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär

OpenAI Hindistanda uly maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Ol ýurtda iň ulularyň biri we Aziýada emeli aň infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädim bolup biler diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa azyndan 1 gigawatt kuwwatly desganyň gurluşygy üçin ýerli hyzmatdaşlary gözleýär...

4.3k+

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi başlandy

3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler...

6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde birnäçe teklipler bilen çykyş etdi

1-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Týanszin şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. “ŞHG+” formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler...