Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde birnäçe teklipler bilen çykyş etdi

  • 02.09.2025 13:25
  • 6.1k+

1-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Týanszin şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.

“ŞHG+” formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri, dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp, hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti 
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldap, bu pikiriň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýändigini belledi.
Serdar Berdimuhamdow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek dabaralarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini çagyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda birnäçe möhüm başlangyçlary beýan etdi:

  • Ykdysady hyzmatdaşlyk: ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlary senagat taýdan ýakynlaşmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
  • Ulag ugry: Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikler bar. Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlary aýratyn bellenildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine üns çekilip, ýurdumyzyň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygy tassyklanyldy.
  • Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde döwrebap, köpşahaly demir ýol, awtomobil ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Owganystana uzaýan demir ýollary gurmak başlangyjyny öňe sürdi.
  • Aragatnaşyk, kommunikasiýalar ulgamy: Türkmenistan häzirki wagtda ŞHG-ä agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirýändigini belläp, gurama täze giň möçberli taslamalaryň geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip etdi.
  • Energetika ulgamy: Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga, senagat kooperasiýasy strategiýasyna gatnaşmaga taýýar.
  • Ynsanperwer ulgamy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, medeni, ylym, bilim, durmuş ulgamlaryndaky beýleki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hemişe aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Mejlisiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ykdysadyýet, energetika, medeni-ynsanperwer, innowasiýalar hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, söwda, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, infrastruktura taslamalary, maliýe mehanizmlerini döretmek bilen baglanyşykly we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary derejeli duşuşygyň ahyrynda Başlyk Si Szinpin hormatly Prezidentimize çakylygy kabul edip, Hytaýa gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we döwlet Baştutanymyzyň çuň manyly çykyşynyň ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.


06.01.2026 22:50
1.9k+

Türkmenistanda geçen hepdäniň birža söwdalarynyň jemi bahasy 6 mln dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 324 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar...

06.01.2026 13:57
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

5-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

05.01.2026 12:32
3.5k+

Serdar Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri 70 ýaş toýy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar...

05.01.2026 12:16
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi...