Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Kataryň we Russiýanyň guramalary bilen Ähtnamalara gol çekişdi

  • 08.09.2025 11:44
  • 10k+

4-5nji sentýabrda Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň federasiýasynyň hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen Russiýanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalar ynsanperwerlik we meýletinçiler hereketi ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wise-prezidenti Ebrahim Haşim Al-Sada Ähtnamanyň tejribe alyşmaga we Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döredýändigini belledi. Russiýanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň başlygy Pawel Sawçuk bolsa, adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermekde Russiýanyň tejribesiniň türkmen kärdeşleri üçin peýdaly boljakdygyny, şol sanda mobil nokatlar we çadyrlarda işlemek boýunça okuwy öz içine alýandygyny aýtdy.

Iki günläp dowam eden duşuşyk «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – ynsanperwerlik we bitaraplyk» şygary astynda geçdi. Onda Milli jemgyýetleriň ösüşi, halkara ynsanperwerlik hukugy, meýletinçileriň çekilmegi we kanunçylyk bilen kadalaşdyryş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....