Türkmen ilçisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň Awstriýanyň daşary işler ministri bilen duşuşygyna gatnaşdy

  • 06.09.2025 17:56
  • 8.2k+

4-nji sentýabrda Wena şäherinde Awstriýanyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministri hanym Beate Meinl-Reisinger bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi H.Amannazarow gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygy Awstriýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda açyk we konstruktiv dialog üçin gymmatly meýdança öwrüldi. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleler sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge hem-de energetika, ekologiýa durnuklylygy we ykdysady ösüş ugurlarynda umumy meseleleri çözmäge gönükdirildi.
Ilçi H.Amannazarow Türkmenistanyň, oňyn bitaraplyk syýasatyna we halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, Awstriýa we tutuş Ýewropa jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ygrarlydygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda durnuklylygy, durnukly ösüşi we integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagyny ilerletmek ugrunda umumy gyzyklanmalaryň bardygy tassyklanyldy.


düýn 11:28
577

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
1.7k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....