ÝUNISEF: Maliýe kömeginiň azalmagy 2026-njy ýyla çenli ýene 6 mln çagany bilimsiz goýup biler

  • 06.09.2025 15:42
  • 4.1k+

ÝUNISEF-iň täze seljermesi 2026-njy ýyla çenli bilime berilýän halkara kömegiň ABŞ-nyň 3,2 milliard dollary ýa-da 24% azalyp biljekdigini görkezýär.

Guramanyň hasaplamalaryna görä, eger maliýe kömegi azaldylsa, ýene 6 million çaga bilime elýeterliligi ýitirip biler. ÝUNISEF munuň Germaniýanyň we Italiýanyň ähli başlangyç mekdepleriniň umumy okuwçylarynyň sany bilen deňleşýändigini belleýär.
6 million çagadan 30%-i ynsanperwer çökgünliginiň bar şertlerinde ýaşaýar. Netijede, mekdebe gatnamaýan çagalaryň umumy sany häzirki 272 milliondan 278 milliona çenli artar.

“Bilim býujetinden aýrylan her bir dollar – bu diňe bir maliýe çözgüdi däl-de, çaganyň ykbalydyr. Aýratyn-da, adatdan daşary ýagdaýlarda bilim, köplenç, çagalara lukmançylyk kömegine, goraga we azyk önümlerine elýeterliligi üpjün edip, halas ediş halkasyna öwrülýär. Şeýle-de, ol çaga garyplykdan çykyp, has gowy geljegi gurmak üçin örän gowy mümkinçilik berýär” – diýip, ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji müdiri Ketrin Rassel aýtdy.

Has çynlakaý netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljek ýurtlaryň arasynda Kot-d’Iwuar we Mali bar. Ol ýerde okaýanlaryň sany, takmynan, 4% azalar, bu, degişlilikde, 340 müň we 180 müň okuwça barabardyr.
Hatda okuwyny dowam etdirýän çagalar we ýaşlar hem kynçylyklara sezewar bolup biler. Ulgam çäreleriniň – okuw meýilnamalaryny taýýarlamagyň, bilimiň hiline baha bermegiň we mugallymlary taýýarlamagyň maliýeleşdirilmegi azaldylan ýagdaýynda azyndan 290 million okuwçyda bilimiň hili pese gaçyp biler.

“Çagalaryň bilimine maýa goýmak – bu hemmelere peýda getirjek geljek üçin iň gowy maýa goýumlaryň biri. Ýurtlar çagalary bilimli we sagdyn bolanda has köp ösüş gazanýar. Bu has durnukly we gülläp ösýän dünýäni döretmäge hem ýardam edýär” – diýip, Rassel belledi.


11.12.2025 16:32
8.5k+

Awazadaky forumda zenanlaryň we çagalaryň hukuklary boýunça 17 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi...

29.11.2025 10:16
2.1k+

ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy

2026-2027-nji ýyllarda anyk çäreleri geçirmek üçin BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça jemi 16 sany resminamanyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy...

16.11.2025 12:15
1.5k+

Oguljahan Atabaýewa ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy

15-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşdy...

03.11.2025 12:36
5.2k+

Türkmenistan we ÝUNISEF türkiýeli hünärmenleriň gatnaşmagynda çagalary goramak ulgamyny berkidýärler

27–30 oktýabr aralygynda Aşgabatda çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany tarapyndan, ÝUNISEF-iň goldawy bilen guralan çäre, ýurdumyzda çagalary goramak boýunça milli ulgamy ösdürmekde we Türkiýäniň Adalatçynyň institutynyň tejribesini paýlaşmakda möhüm ädim boldy...