ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy

  • 29.11.2025 10:16
  • 2.2k+

2026-2027-nji ýyllarda anyk çäreleri geçirmek üçin BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça jemi 16 sany resminamanyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. 28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bu resminamalary we olar babatdaky degişli teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Bellenilişi ýaly, çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýadan gelip çykýan milli borçnamalary, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” ýerine ýetirmek, hususan-da, çagalar babatda milli kanunçylyk binýadyny, adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi, Adalatçynyň Diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy. Şeýle-de çagalaryň we maşgalalaryň durmuş goraglylygyny berkitmek, mekdep ýaşyna çenli çagalaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, inklýuziw bilim syýasatyny, “Ýaşyl” mekdep maksatnamasyny ornaşdyrmak, bilim edaralarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyna ýardam bermek, çaganyň köptaraplaýyn ösüşine goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleri bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyn ýyllar üçin iş meýilnamalary hödürlenildi. Bu resminamalar çagalar bilen bagly ýokary hilli statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek, hasabatlylygy kämilleşdirmek, köpölçegli klasterleýin syn bilen bagly hünär ýokarlandyryş çärelerini geçirmek, maglumatlardan milli derejede netijeli peýdalanmak, çagalar barada edilýän işleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat beriş çäreleri arkaly giňden beýan etmek üçin taýýarlanyldy. Şolaryň arasynda beýleki ugurdaş döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ÝUNISEF-niň wekilhanasy bilen 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary hem bar.
Türkmenistanda gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek, bu ugurda toplumlaýyn işi kämilleşdirmek maksady bilen, Mejlis, Ýokary kazyýet, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutany bu abraýly guramanyň ynsanperwer ugur boýunça işleýän edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.


düýn 11:28
577

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......