Oguljahan Atabaýewa we ÝUNISEF-iň wekili çagalary goramak ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

  • 25.01.2026 05:17
  • 3.9k+

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany durmuşa geçirmegiň täze tapgyrlary maslahatlaşyldy. Taraplar çagalar baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Gysga wagtyň içinde goldawa mätäç çagalara ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömegini bermegiň ajaýyp nusgasyna öwrülen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine aýratyn üns berildi.
ÝUNISEF-iň wekili Türkmenistanyň ynsanperwer başlangyçlarynyň Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna doly gabat gelýändigini, ýurduň eneligi we çagalygy goramak babatdaky tejribesiniň bolsa halkara derejede ykrar edilmäge mynasypdygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda saglygy goraýyş, inklýuziw bilim we durmuş integrasiýasy ulgamlarynda uzak möhletleýin taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamalaryna garaldy. Tagallalaryň birleşdirilmegi Türkmenistanda her bir çaganyň sagdyn we bagtyýar geljege bolan hukugyny mundan beýläk-de üpjün etmäge mümkinçilik döreder.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......