Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

  • 06.09.2025 09:59
  • 5.3k+

5-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawany kabul etdi.

Kadzuhiko Amakawa Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky bilen indi köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny we birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtamak gerek.

Kadzuhiko Amakawa Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat pudagyndaky özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde işewürlik üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini aýdyp, wekilçilik edýän bankynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny, şu nukdaýnazardan, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda ýapon tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny beýan etdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......