8-nji sentýabr Türkmenistanyň Mejlisi Ahal, Daşoguz welaýatlarynda döredilen täze ilatly ýerlere şäherçe, oba derejesini bermek we olara at dakmak hakynda Karar kabul etdi. Karara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa gol çekdi.
Täze ilatly ýerler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde döredildi.
Ahal, Daşoguz welaýatlarynda täze ilatly ýerleriň döredilendigini göz öňünde tutup, şeýle hem Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi şuny karar etdi:
Ahal welaýatynda:
1) Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Döwletli mekan» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň Döwletli mekan obasy» diýip atlandyrmaly;
Öňaldy geňeşliginiň edara ediş merkezini Döwletli mekan obasyna geçirmeli;
2) Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Bagtly zamana» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň Bagtly zamana obasy» diýip atlandyrmaly;
Gowşut geňeşliginiň edara ediş merkezini Bagtly zamana obasyna geçirmeli.
Daşoguz welaýatynda:
- Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermeli we oňa «Bitaraplyk» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesi» diýip atlandyrmaly.
- Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşligini ýatyrmaly we onuň Täze ýol, Çilter, Gamyşlyoý, Garaşsyzlyk, Gazakýer obalaryny Bitaraplyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli.
- Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň Döwletli mekan, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň Bagtly zamana obalarynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesiniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirer.