Türkmenistanyň wekiliýeti Eýrana baryp, demir ýol ulaglary boýunça taslamalary maslahatlaşdy

  • 08.09.2025 22:48
  • 6.1k+

6-8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýrana iş saparyny amala aşyrdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri F.Sadeg we ýol we şäher gurluşyk ministriniň orunbasary, Demir ýol edarasynyň müdiriýetiniň başlygy J.Zakeri bilen duşuşyklary geçirildi. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary wagonlary dolandyryş merkezi we Tähran şäherinde ýerleşýän «Aprin» gury portunyň mümkinçilikleri bilen tanşyldy.
Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň demir ýol pudagy boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, üstaşyr geçýän ýükleriň dolanşygyny artdyrmak boýunça degişli teklipler berildi. Şunda, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň hem-de Aşgabat ylalaşygy (Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman) halkara geçelgesiniň işjeňligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky ýük dolanşygyny giňeltmek boýunça demir ýol ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmak hem-de Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak boýunça hem maslahat edildi.
Mundan başga-da taraplar Akýaýla-Inçeburun demir ýol geçelgesine baryp gördi we ol ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy.


şu gün 15:39
281

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....