Türkmenistanyň ugradan ynsanperwerlik kömegi Kabula bardy

  • 06.09.2025 13:06
  • 12k+

5-nji sentýabrda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. 

“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi.
Goňşy ýurtda Türkmenistandan ugradylan ynsanperwerlik ýüküni kabul etmek çäresi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar owgan halkyna yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Türkmenistanyň Prezidentine alkyşlaryny beýan etdiler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy ýurduň ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna iberilen önümlerdir harytlary kabul etmek çäresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň berýän kömek-goldawynyň, ynsanperwer tagallalarynyň owgan halkyny belent maksatlara ruhlandyrýandygy nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylar kyn günde goldaw bermegiň sogap iş hasaplanýandygyny belläp, şeýle agyr pursatlarda doganlyk goluny uzadýandyklary üçin türkmen halkyna tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......