Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçiriler

  • 06.09.2025 09:36
  • 5.5k+

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Amanowyň hödürlän degişli teklibini goldady.

Mejlisiň barşynda wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçiligini has-da döwrebaplaşdyrmak, olarda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky zawodlary doly kuwwatynda işletmek, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin netijeli çäreler görülýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.


düýn 16:02
866

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......