Aragatnaşyk ministrligi elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda ygtyýarly edara boldy

  • 06.09.2025 13:29
  • 3.9k+

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hem-de elektron hökümetiň işi babatynda ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer
 M.Çakyýew Kararayň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly utgaşdyrylmagyny we sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” hem-de “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, bu ugurdaky işleri has-da ilerletmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli resminamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......