Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy

  • 06.09.2025 09:30
  • 5.2k+

Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Konsepsiýada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer 
H.Geldimyradow hasabat bilen çykyş edip, degişli Konsepsiýanyň hem-de bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Olar 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Bellenilişi ýaly, Konsepsiýada ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary hem-de ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe çäreleri durmuşa geçirmek bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, onda ýurdumyzyň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullaryny, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň bu guramanyň esasy we ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmagy ýaly meseleleri öwrenmek meýilleşdirilýär.


düýn 15:48
4.2k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......