Ahal welaýatynda täze Döwletli mekan obasy açylýar

  • 09.09.2025 10:45
  • 11k+

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasy açylýar. Prezidenti Serdar Berdimuhamedow açylyş dabarasyna gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Täze oba Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli açylýar.
Döwletli mekan obasynda:

  • 400 sany ýaşaýyş jaýy;
  • geňeşligiň edara binasy;
  • saglyk öýi;
  • 640 orunlyk orta mekdep;
  • 320 orunlyk çagalar bagy;
  • söwda merkeziniň binalary guruldy.

"Bu günki ulanmaga berýän täze obamyz adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda ýene bir möhüm ädim bolar. Biz ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli strategiýadan ugur alyp, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň, dynç alyş merkezleriniň we seýilgähleriň gurluşygyny geljekde hem dowam etdireris" diýip, Serdar Berdimuhamedow gutlagynda belleýär.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......