Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi başlandy

  • 04.09.2025 11:06
  • 4.3k+

3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Göwnejaý taýýarlanan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, ýaşulular we olaryň ýaş kömekçileri ekiş nobatyny mehanizatorlara berdiler.
Ekerançylarymyz geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen ekin meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň tohumlary, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary öňünden taýýar edildi.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary hem geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň döwrebap usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......