Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

  • 03.09.2025 10:28
  • 4k+

2-nji sentýabrda Pekinde Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklar strategik we uzak möhletli häsiýete eýe bolup, ýurdumyz ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Häzirki wagtda iki ýurt ýokary döwlet, Hökümet we ministrler derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Energetika ulgamy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow hytaýly hyzmatdaşlaryň, hususan-da, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň öz üstaşyr ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürýändigini aýdyp, Hazarüsti logistika ugruny döretmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi hem-de hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň HHR bilen milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bilelikde tagalla etmegi teklip etdi. Hususan-da, Türkmenistan Hytaýa dokma, himiýa senagaty, oba hojalyk we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga taýýardyr.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmen talyplary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, Türkmenistanyň birnäçe bilim ojaklarynda bolsa hytaý dili öwredilýär. Türkmenistan ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýokary tehnologiýalar, şol sanda emeli aň tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri beýan etdi. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mümkinçiliklerini ulanmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....