Pekinde Serdar Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi

  • 03.09.2025 10:14
  • 4.6k+

2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Pekinde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Týanszin şäherinden otly arkaly Pekin şäherine bardy.
Duşuşygyň barşynda 
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady hem-de oňa Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň HHR-iň Başlygynyň ŞHG-niň sammitinde beýan eden Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we onuň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Hytaý Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyz birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürip, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegi, senagat, oba hojalyk kooperasiýasyny, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmegi, dürli ugurly, şol sanda ýokary tehnologiýaly bilelikdäki kärhanalary döretmegi maksat edinýärler.
Gaz pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr. 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Prezident Serdar Berdimuhamedow iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýdyp, Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady. Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini nygtady.
Si Szinpin häzirki wagtda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol HHR-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen mazmuny boýunça gabat gelip, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Olaryň esasynda giň, açyk we netijeli ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, özara bähbitlilik, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almak, uzak möhletleýinlik we durnuklylyk ýörelgeleri esasynda Ýewraziýa yklymynyň çalt depginler bilen ösýän sebitlerini bitewi geoykdysady giňişlige birleşdirmek ýaly umumy maksatlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu maksatlara ýetmekde Merkezi Aziýa sebitine möhüm ornuň degişlidigini, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” dialogyny goldaýandygyny we oňa işjeň gatnaşýandygyny belläp, häzirki günde bu formatyň derwaýysdygyny hem-de oňa gatnaşyjylaryň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Başlyk Si Szinpini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.
HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......