Türkmenistanyň wekiliýeti Sloweniýada Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy

  • 03.09.2025 15:53
  • 2.6k+

1–2-nji sentýabrda Sloweniýanyň Bled şäherinde Bled strategik forumy geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Forumyň çäklerinde M.Bäşimowa Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan «The Centrality of Central Asia» atly tegelek stol maslahatynda çykyş etdi.
M.Bäşimowa çykyşynda Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ynanyşmagyň we dialogyň guraly hökmündäki ähmiýetini, şeýle hem ýurdumyzyň Ýewraziýada ulag we energetika baglanyşygyny ösdürmekdäki, şol sanda Hazarüsti ulag geçelgesine we “ýaşyl” energetika boýunça başlangyçlara gatnaşmakdaky ornuny belledi.


Saparyň dowamynda Mähri Bäşimowa bilen Sloweniýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, syýasy gatnaşyklar we ösüş boýunça döwlet sekretary doktor Melita Gabriçiň, şeýle hem Sloweniýanyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Damýan Bergantyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Taraplar Lýublýanada syýasy geňeşmeleriň indiki tapgyryny geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyklarda Türkmenistanyň we Sloweniýanyň energetika, ulag, bilim we medeni alyşmalar ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
Taraplar halkara platformalarynda, şol sanda BMG-niň düzümlerinde we “ÝB – Merkezi Aziýa” sebitleýin hyzmatdaşlygynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ilerletmäge bolan meýillerini tassykladylar.
Iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri gurnamaga hem aýratyn üns berildi.
M.Bäşimowa slowen tarapyny 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.


zz


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......