Aşgabatda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň halkara bilermeni bilen duşuşyk geçirildi

  • 06.09.2025 15:52
  • 1.6k+

2-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi weterinariýa laboratoriýasynyň hünärmenleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK BMG) halkara bilermeni Wiktoras Zabolotnos bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda söwdadaky kadalaşdyryjy we düzgünleşdiriji päsgelçilikleriň milli derejesinde seljerilmeginiň alnyp barylmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu iş Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi haýyşy esasynda ÝYK BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Bellenilişi ýaly, bu seljerme ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşi durnukly depginlerde üpjün etmäge, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, ekologiýa howpsuzlygyny berkitmäge, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we Türkmenistanyň halkara söwda ulgamyna has giňden goşulyşmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny we konsepsiýalaryny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Geçirilýän işleriň netijeleri we degişli teklipler 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde degişli taraplaryň gatnaşmagynda hödürlener. 


şu gün 15:42
276

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

şu gün 15:39
281

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
6k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......