Raşid Meredow JBIC ýapon bankynyň başlygynyň orunbasary bilen maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşdy

  • 06.09.2025 17:48
  • 4.1k+

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygynyň orunbasary, wekilçilikli direktory Amakawa Kazuhiko bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmenistan bilen JBIC-iň arasynda toplanan oňyn tejribe kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda durmuşa geçirilýän hem-de nebitgaz, elektroenergetika we himiýa pudaklarynda iri desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän açyk maýa goýum syýasatyna ýokary baha bermek bilen, ýapon tarapy gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmasyny beýan etdi we iri milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......