Dürli ýurtlarda her sagatda näçe çaga dogulýar? BMG-niň maglumatlaryna esaslanýan infografika

  • 07.09.2025 19:13
  • 10k+

BMG-niň “Ýurtlaryň ilat sanynyň geljegi” baradaky hasabatyna görä, 2023-nji ýylda dünýäde 132 milliondan gowrak çaga dünýä indi, bu bolsa her sagatda 15 000 töweregi bäbegiň dünýä inendigini aňladýar.

Hindistan täze doglan bäbekleriň sany boýunça dünýäde öňde barýar, bu ýurtda sagatda 2600-den gowrak çaga dogulýar. Bu görkeziji, takmynan, 1000 bäbegiň dogluşy bilen ikinji ýerde durýan Hytaýyňkydan iki esse köpdür. Şeýlelik bilen, dünýäde dogulýan her dördünji bäbegiň diýen ýaly göbegi Hindistanda ýa-da Hytaýda kesilýär.
Soňra sanawda Nigeriýa (857), Pakistan (786), Indoneziýa (512), Kongo Demokratik Respublikasy (499) we Efiopiýa (469) durýar. Ilkinji dokuzlygy ABŞ (418) bilen Bangladeş (398) jemleýär.
Bu sanaw iň köp ilatly ýurtlaryň sanawy bilen gabat gelýär diýen ýaly. Öňdebaryjylaryň arasynda diňe Braziliýa bilen Russiýa ýok. BMG-niň maglumatlaryna görä, Braziliýada sagatda 297 çaga, Russiýada 148 çaga dünýä inýär.
Munuň sebäbi, birnäçe ýurtlarda çaga dogluşynyň derejesi peselmek bilen. Bilermenleriň berýän bahasyna görä, munuň oňyn täsiri hem bolup biler: ilatyň köpelişiniň haýallamagy bilimiň derejesini ýokarlandyrmaga we zähmet pudagynda mümkinçilikleri giňeltmäge şert döredýär. Ölümiň derejesiniň peselmegi bilen utgaşyklykda, bu işe ukyply ýaşdaky adamlaryň sanynyň köpelmegine we eklençdäkileriň sanynyň azalmagyna getirýär. Bu täsire demografiki diwidend diýilýär we adam başyna düşýän girdejiniň we sarp edilişiň ýokarlanmagyna goşant goşup biler.

 


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

11.06.2026 22:18
7.7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......