Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada söwda we dokma pudagy boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi

  • 06.09.2025 15:18
  • 2.4k+

30-njy awgustdan 3-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň söwda we dokma senagaty pudagynda işleýän guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.
Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU» korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Maşynlary we enjamlary öndürmek boýunça kompaniýasynyň prezidenti H.Tsubaý bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle-de N.Agahanow Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) prezidenti N.Işiguro bilen hem duşuşdy.

Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonynda türkmen wekiliýeti bilen Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary M.Içinokiniň duşuşygy geçirildi. Şeýle-de türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Saud Arabystany Patyşalygynyň milli pawilýonynyň komissary, Katar döwletiniň milli pawilýonynyň direktory hem-de «Masui Co. Ltd» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Agzalan duşuşyklaryň çäklerinde taraplar ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistandaky mümkinçiliklerini, eksport-import gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini hem-de türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna çykarmak boýunça başlangyçlary öňe sürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......