Rimde Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa saparyny guramak meselelerine seredildi

  • 06.09.2025 15:35
  • 4.1k+

3-nji sentýabrda Italiýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi T.Kömekow Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary E.Çiriýelli bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa saparyny guramak meselelerine, şeýle hem Rimiň Kapitoliý muzeýinde Gadymy Merwiň we Nusaýyň çäklerinde tapylan özboluşly artefaktlaryň, şol sanda bilelikdki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalary mahalynda tapylan gymmatly tapyndylaryň sergisini gurnamak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek we medeni çäreleri guramak boýunça geljekki ädimlere seredilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Italiýanyň halklaryna parahatçylyk we gülläp-ösüş arzuw etdiler hem-de geljekde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygy barada nygtadylar.


düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......