Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 06.09.2025 23:47
  • 23k+

6-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň goranyş ukybyny has-da pugtalandyrmak,  Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän  çäreler barada hasabat berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik  etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada aýdyldy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik tertibini saklamak,  düzgün bozulmalaryň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, Içeri işler ministrliginiň  düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew bu düzümiň işini kämilleşdirmek babatda öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.    
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bu düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de  raýatlarymyza hukuk kömegini bermek üçin guralýan çäreler barada aýdyldy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew gümrük serhedi arkaly harytlaryň geçirilişiniň tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow bu düzümi ösdürmek baradaky maksatnamada kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada aýtdy.
Mejlisiň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe dabaraly harby ýörişiň çäresiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


şu gün 07:42
409

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......