Türkmenistan Owganystanda ýertitremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer

  • 05.09.2025 10:20
  • 11k+

Türkmenistan doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberer. Degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ynsanperwerlik kömegini Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ibermeklik bellenildi.
Bu günki gün Türkmenistanda kyn günde doganlyk goluny uzatmak we goldaw bermek däpleri döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň binýady hökmünde mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurduň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky çözgüdi hem köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere, uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr, owgan halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň nobatdaky beýanydyr.
31-nji awgustda Hindiguş daglarynda 6,2 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Onuň merkezi Owganystanyň gündogarynda Asadabat şäherinden 27 km günorta-günbatarda ýerleşdi. Ýerasty sarsgynlar obalary ýumurdy, opurylmalara getirdi we kommunikasiýa ulgamlaryna zeper ýetirdi. Birnäçe ilatly nokatlary barmak kynlaşdy. Soňky maglumatlara görä, pida bolanlaryň sany 2,2 müň adamdan geçdi, 3,6 müň adam şikes aldy.
Halas ediş işleri çylşyrymly dag şertlerinde geçirilýär. 2-nji sentýabrda şol sebitde 5,5 magnitudaly ýene-de bir ýertitremesi hasaba alyndy.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......