Serdar Berdimuhamedow Pekinde Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşdy

  • 04.09.2025 10:58
  • 14k+

3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-e iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Pekiniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Türkmenistana ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.

20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3.3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......