ÝB Google-a tas €3 mlrd jerime saldy. Bu Ýewropada kompaniýanyň iň uly jerimeleriniň biri

  • 07.09.2025 19:52
  • 4.7k+

Ýewrokomissiýa Google-yň baş kompaniýasy bolan Alphabet-e mahabat tehnologiýalarynyň bazarynda agdyklyk ediji ornundan hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin 2,95 mlrd ýewro jerime saldy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi.

Komissiýanyň maglumatlaryna görä, Google diňe öz hyzmatlarynyň we hyzmatdaşlarynyň bähbidine hereket edip, olara artykmaçlyk berdi. Bu hem onlaýn mahabat bazarynyň üýtgemegine we beýleki kompaniýalaryň onuň bilen bäsdeşlik edip bilmezligine getirdi. Ýewrokomissiýa kompaniýany şeýle tejribäni bes etmäge borçlandyrdy.
Google bu çözgüde garşy çykmakçydygyny aýtdy. Kompaniýanyň kadalaşdyryjy meseleler boýunça wise-prezidenti Li-Enn Malholland täze çözgüdiň “müňlerçe Ýewropa kompaniýalaryna zyýan ýetirip, olaryň pul gazanmak mümkinçiligini kynlaşdyrjak üýtgeşmeleri talap edýändigini” belledi.
Ýewropa düzgünleşdirijileriniň çözgüdine jogap hökmünde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 1974-nji ýylyň Söwda kanunynyň 301-nji maddasy boýunça derňewe başlajakdygy bilen haýbat atdy.

“Şu gün Ýewropa ýene bir amerikan kompaniýasyna - Google-a zyýan ýetirip, 3,5 mlrd dollar jerime salmak bilen, amerikan maýa goýumlaryna we iş orunlaryna sarp edilip bilinjek pullary aldy” – diýip, Ak tamyň ýolbaşçysy aýtdy.

Bloomberg bu çözgüdiň ÝB bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň dartgynlaşýan döwründe kabul edilendigini belleýär. Ozal Ýewrokomissiýa Google-a jerime salypdy: 2017-nji ýylda – 2,4 mlrd ýewro, 2018-nji ýylda – 4,3 mlrd ýewro. 2024-nji ýylyň sentýabrynda kompaniýa 2017-nji ýyldaky iş boýunça kazyýetden gutarnykly ýeňildi. 2023-nji ýylda Ýewrokomissiýa meseläniň ýeke-täk çözgüdiniň biznesiň bir bölegini bermegiň boljakdygyny duýdurypdy.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:42
3.4k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......