Pekinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda täze ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

  • 03.09.2025 10:20
  • 4.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamdowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Intellektual eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurda tejribe alşyp, innowasiýalary we awtorlyk hukugyny goramak boýunça hukuk binýadyny hem-de mehanizmleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.
Iki ýurduň bilim ulgamynyň wekilleri akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni hyzmatdaşlykda muzeý işine aýratyn üns berildi. Taraplar medeni mirasy gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek, sergileri, iki halkyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän beýleki medeni çäreleri geçirmek babatda pikir alyşdylar.
Duşuşyklaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar maglumatlary alyşmak, bilelikdäki mediataslamalary durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşykda taraplar infrastruktura taslamalaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, logistikany gowulandyrmak, awtomobil, demir ýollary ösdürmek babatda pikir alyşdylar.
Duşuşykda türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň durnukly önümçiligi üçin tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly pikirlerini paýlaşdylar. 

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • “Altyn asyr” elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen “Ženmin Žibao” neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....