Gruziýada klassyky saz festiwalynda Nury Halmämmedowyň eserleri ýerine ýetiriler

  • 06.09.2025 17:53
  • 8.3k+

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalary 4-nji sentýabrda Gruziýada açylan klassyky saz boýunça 7-nji Sinandali festiwalyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Festiwal dünýäniň ähli künjeginden meşhur sazandalary hem-de klassyky sazyň gadyr-gymmatyna düşünýän adamlary jemlemek bilen, medeniýetara gepleşikler we döredijilik tejribesini alyşmak üçin wajyp meýdança öwrüldi.
9-njy sentýabrda Sinandali festiwalynyň çäklerinde dünýä belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň saz eserleri ýerine ýetiriler, 13-nji sentýabrda bolsa festiwal tomaşaçylara Türkmenistanyň milli saz sungatyna bagyşlanan aýratyn bir güni sowgat eder.
Türkmen sazandalary festiwalyň ýüregi bolan hem-de Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Özbegistan, Türkiýe hem-de Ukraina ýaly ýurtlaryň ýaş sazandalaryny bileleşdirýän Pan-Kawkaz ýaşlar orkestrynyň düzüminde çykyş edýärler.

Sinandali festiwaly ýaş ýerine ýetirijiler üçin diňe bir meşhur ussatlardan öwrenmäge däl-de, eýsem olaryň öz döredijilik tejribelerini baýlaşdyrmak we mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen ussatlygyny kämilleşdirmäge  mümkinçilik berýär.
Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Medeniýet ministri T.Ruhadze, festiwalyň Baş direktory D.Sakwarelidze, şeýle-de çäräni gurnaýjylar bilen duşuşdy. Diplomat halkara festiwalyň ynsanperwer, bilim we medeni ugurlarda geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçiliklerini açjakdygyna ynam bildirdi.
Sinandali festiwaly 2025-nji ýylyň 14-nji sentýabryna çenli dowam eder.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......