Hytaý alty aýda beýleki ýurtlara garanyňda, iň köp Gün elektrik stansiýasyny gurdy

  • 07.09.2025 18:51
  • 1.9k+

2025-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde umumy kuwwaty 380 gigawat bolan Gün elektrik stansiýalary işe girizildi.  Bu görkeziji 232 gigawat bolan 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 64% köp diýip, Electrec ýazýar.

Bu ösüşi, esasan, umumy kuwwaty 256 gigawat bolan stansiýalary guran Hytaý üpjün etdi. Ýagny, ýurt beýleki ähli ýurtlaryň bilelikdäki netijelerindenem ýokary görkeziji gazanyp, ähli täze kuwwatlyklaryň üçden iki böleginden gowragyny işe girizdi. Deňeşdirmek üçin: dünýä geçen ýylyň sentýabr aýynda 350 gigawatlyk bellikden geçdi, şu ýyl bolsa eýýäm iýun aýynda şeýle netijä eýe boldy.
2024-nji ýyldaky maglumatlara görä, dünýäde Gün energiýasynyň öndürilişi, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 28% ýokarlandy we elektrik energiýanyň iň çalt ösýän çeşmesine öwrüldi.
Beýleki ýurtlar hem ösüşi görkezýärler. 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda olar, takmynan, 124 gigawat kuwwatlygy işe girizdiler, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 15% köpelendigini aňladýar. Hindistan 24 gigawat bilen ikinji ýeri eýeledi, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 49% köpelendigini aňladýar. ABŞ 21 gigawat bilen 4% ýokarlanyp, üçünji ýeri eýeledi.
Afrika bazarynda Hytaýyň Gün panelleriniň importy ep-esli artdy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 60% ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, takyk gurnama maglumatlarynyň ýoklugy yklymda tehnologiýany durmuşa ornaşdyrmagyň hakyky gerimine baha bermegi kynlaşdyrýar.


01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....