ABŞ-da kazyýet Google kompaniýasyna Chrome brauzerini satmazlyga rugsat berdi

  • 03.09.2025 23:13
  • 3.4k+

2-nji sentýabrda ABŞ-nyň Kolumbiýa okrugy boýunça Okrug kazyýetiniň federal kazysy Amit Mehta Google kompaniýasynyň monopoliýa garşy işiň çäklerinde Chrome brauzerini ýa-da Android operasion ulgamyny satmaga ýa-da bermäge borçly däldigi barada karar çykardy. Bu barada CNN habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa bäsdeşleriň käbir gözleg maglumatlaryna elýeterli bolmagyna mümkinçilik bermäge borçlandy. Şeýle-de, Google-a Chrome-y, Google Search gözleg ulgamyny, Google Assistant ses kömekçisini we Gemini programmasyny ýaýratmak bilen baglanyşykly aýratyn şertnamalary baglaşmak ýa-da uzaltmak gadagan ediler.
Bu korporasiýa garşy bäşýyllyk işiň netijesi boldy we maýadarlar üçin ol kompaniýanyň esasy önümleriniň satylyp bilinmegi babatyndaky howsalalary aradan aýyrdy. Şeýle-de, bu çözgüt Apple-iň we beýleki gurluş hem brauzer öndürijileriniň ýagdaýyny ýeňilleşdirýär, olar gözlegden gelýän girdejileri paýlamagyň çäklerinde Google-dan töleg almagyny dowam etdirer.
Kazyýet çözgüdi çykandan soň Google-yň paýnamalary 7,2%, Apple-iň paýnamalary 3% ýokarlandy.
Munuň bilen bir wagtda Ýewropa Bileleşiginiň häkimiýetleri mahabat tehnologiýalarynyň bazarynda agdyklyk ediji ornundan hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin Alphabet-e jerime girizmegini soňa goýdy. Ýewrokomissiýanyň Tereza Riberanyň ýolbaşçylygyndaky monopoliýa garşy bölümçesi Google-a jerime salmagy we biznes modelini üýtgetmegi talap etmegi meýilleşdiripdi. Jerime baradaky çözgüt 1-nji sentýabrda güýje girmelidi, ýöne şeýle ädimleriň ABŞ tarapyndan jogap çärelerine getirip bilmeginiň öňüni almak üçin soňa goýuldy diýip, Bloomberg belleýär.
Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylyň awgustynda kazy Mehta Google kompaniýasyny onlaýn gözleg we tekst mahabaty bazarynda monopoliýaçy diýip ykrar etdi. Muňa Apple, Samsung kompaniýalary we beýleki öndürijiler bilen köp milliardlyk şertnamalar esas bolup hyzmat etdi. Çünki, bu şertnamalar Google-yň gözleg ulgamynyň mobil platformalarda we brauzerlerde agdyklyk etmegine getirdi. 


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......